Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 22-nji aprelde amala aşyran Yrak sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze sepgide ýetmegini üpjün etdi.
Saparyň çäginde energiýadan harby hyzmatdaşlyga, transportdan oba hojalygyna çenli 26 şertnama gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda iň möhümlerinden biri, şübhesiz, Galkynyş ýoly taslamasy bilen bagly ylalaşyk şertnamasy boldy. Mundan başga-da, şertnama diňe Türkiye we Yrak däl, eýsem Birleşen Arap Emirlikleri we Katar hem gol çekdi.
Galkynyş Ýoly taslamasy näme üçin möhüm? Sebitde haýsy deňagramlylygy üýtgeder?
Galkynyş ýoly taslamasynyň çäginde 1200 kilometr demir ýol we awtoulag ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
Şeýlelik bilen, Türkiyäniň Iskenderun porty we Pars aýlagyndaky Faw porty biri-birine birikdiriler.
Taslama Ýewropa bilen Aziýanyň söwda ugurlaryny birleşdirýän iň gysga ýol bolar.
Deňiz şertlerine garamazdan Ýewropa Bileleşigi bilen Pars aýlag sebtiniň arasynda üznüksiz söwda akymyny üpjün eder.
Taslama bilen Pars aýlag ýurtlaryndan, şeýle hem Yrakdan Ýewropa gaz daşamak az wagt alar we has tygşytly bolar. Galkynyş ýoly taslamasy, Türkiyäniň "energiýa merkezine öwrülmegine" uly goşant goşar.
Taslama bilen Türkiye Yragyň energiýa çeşmelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda has işjeň rol oýnar.
Galkynyş ýoly taslamasy, Gyzyl deňizdäki krizis sebäpli gämi gatnawlaryň sanynyň ep-esli azalmagyndan soň Sues kanalyna esasy bäsdeş bolar.
Faw portundan Ýewropa gidýän gämi Sues kanaly bilen deňeşdirilende 15 gün tygşytly bolar.
Faw portyna ilkinji gäminiň şu ýylyň ahyrynda barmagyna garaşylýar.
Port gurulyp tamamlanandan soň, Ýakyn Gündogardaky iň uly konteýner porty hökmünde tanalýan Dubaýdaky Jebel Alydan hem öňe geçer.
Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde energiýa pudagynda we ösüş ýolunda möhüm hyzmatdaşlygyň öňi açyldy. Türkiye bilen Yragyň arasynda Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekildi.
Şol çäkde, Kerkükdäki Ýumurtalyk nebit turbageçirijisiniň gysga wagtda işe başlamagyna garaşylýar. Şeýle hem Galkynyş ýoly taslamasyna paralel ýagdaýda guruljak turba geçirijiler arkaly Pars aýlagyndaky nebitiň hem öňümizdäki döwürde Türkiyä daşalmagynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.
Yragyň subut edilen nebit gorlarynyň takmynan 145 milliard barrele barabardygy çak edilýär.
Ýurtda dünýäniň nebit gorlarynyň takmynan 8 göterimi bar. Yrak nebitiniň önümçiligi we hili taýdan dünýäde iň arzan nebitleriň biri hökmünde bellidir.
Prezident Erdoganyň saparynda geçen ýylyň aprel aýynda akymy bes edilen Yrak-Türkiye çig nebit turbageçirijisiniň gaýtadan işe başlamagyna garaşylýar.
Kerkükdäki Ýumurtalyk nebit turbageçirijisi ýyllyk 70 million barrelden gowrak geçirijilige eýedir. Öňümizdäki döwürde geçirijiniň kuwwatlylygy hem artdyrylar.
Türkiye bilen Yragyň arasyndaky söwda mukdary ýylda 30 milliard dollar töweregidir. Taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň barha artmagy bilen, söwda mukdaryny hasam artdyrmak maksat edinilýär.
MAHMUT GÜRER / TRT HABAR kanalynyň redaktory