X sosial media platformasyndan berilen habarnamada Türkiýe-Yrak bilelikdäki Meýilleşdiriş toparynyň taýýarlyk maslahatynyň Ankarada geçirilendigi mälim edildi.
Maslahata Türkiýeden Daşary işler minstriniň orunbasary Nuh Ýylmaz we Yrakly kärdeşi Muhammed Hüseýn Bahrul Ulum ýolbaşçylyk etdi.
Habarnamada; “Maslahat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiwleşdirilmegi üçin gol çekilen ylalaşyklaryň iş ýüzüne geçirliş tapgyry, Bilelikdaki hemişelik toparlaryň işleri we ileri tutulýan hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy” diýilýär.
Diplomatik çeşmeler Yrak tarapy bilen howpsuzlyk boýunça gazanylan ylalaşygyň goşmaça anyk başlangyçlar bilen üstüniň ýetirilmegi üçin bar bolan şertlere garaljak Türkiýe-Yrak Ýokary derejeli Howpsuzlyk mehanizminin 4-nji maslahatynyň şu gün Ankarada geçiriljekdigini, Yragyň wekiliýetiniň Türkiýä sapary mynasybetli Bilelikdäki meýilleşdiriş toparynyň birinji maslahatynyň hem Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Yragyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Fuad Huseýiniň ýolbaşçylygynda şu gün Ankarada geçiriljekdigini habar beripdi.