Türkiýe Ýewropa Ýaşlar Ýüzme Çempionadynda 15 Medal Aldy

Türkiýe Ýewropa Ýaşlar Ýüzme Çempionadynda 15 Medal Aldy

Türkiýe, Italiýanyň paýtagty Rimde geçirlen Ýewropa ýaşlar ýüzme çempionadynda 7 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal bilen 2-nji orny eýeledi.

Milli türgenlerden Batugan Filiz, Berke Saka, Mert Kylawuz, Merwe Tunjel we Ýigit Aslan altyn medal aldy.

Merwe Tunjel 800, 1500 we 400 metre ýüzmekde jemi 3 altyn medal aldy.

Beril Böjek, Berke Saka, Deniz Ertan we Mert Kylawuz kümüş medal aldy.

Russiýa çempionatda 11 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal bilen birinji, Türkiýe 7 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal bilen ikinji, Polşa bolsa 5 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal bilen üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Ýewropa kosmosa dolandy
Filippinde Ýer Titredi
Yssy sebäpli kofe gymmatlady
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Aziýadaky yssy sebäpli kofe güýçli gymmatlady
Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi