Türkiye Ýemende taraplaryň arasynda dartgynlygyň azaldylmagy babatynda baglaşylan ylalaşykdan hoşal

Türkiye Ýemende taraplaryň arasynda dartgynlygyň azaldylmagy babatynda baglaşylan ylalaşykdan hoşal

Türkiyäniň daşary işler ministrligi mesele bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Ýemende taraplaryň arasynda dartgynlygyň azaldylmagy bilen baglanşykly käbir ugurlar boýunça baglaşylan ylalaşyga kanagatlanma bildirilýändigi bellenen beýanatda: "Gazanylan ylalaşygyň Ýemendäki dawa gurnalan parametrler esasynda giňişleýin bir syýasy çözgüdiň tapylmagynyň öňüni açmagyny umyt edýäris. Ýemenli taraplaryň konstruktiw diýalog arkaly ýurduň parahatçylygyna we durnuklylygyna gönükmegine garaşýarys" diýip habar berildi.

Beýanatda Türkiyäniň Ýemeniň territorial bütewiligini we milli jebisligini goldamaga dowam etjekdigi beýan edildi.

Ýemende hökümet bilen paýtagt Sana şäheri bilen birlikde käbir sebitleriň gözegçiligini elinde saklaýan Husileriň arasynda bank we awiasiýa pudaklarynda käbir çäreleriň görülmegi babatynda ylalaşyk baglaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran Beýik Britaniýanyň ýurtdaky ilçihanasynyň geňeşçisini daşary işler ministrligine çagyrdy
Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Ankara Guran Sapary
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”
Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi