Söwda ministrliginden berilen beýannama görä resmi wekiliýetler bilen hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky maslahata ministr Ömer Bolat we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Waldis Dombrowskis ýolbaşçylyk eder.
Maslahatlarda garaljak meseleleriň hatarynda özara söwdanyň ösdürilmegi, Gümrük bileleşiginiň giňeldilmegi boýunça geňeşmeleriň başladylmagy, ýaşyl özgerlişe utgaşyklyk, Türkiýäniň raýatlaryna ÝB-ne agza ýurtlaryň goýan wyza düzgüni sebäpli ýüze çykýan bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy we gury ýer ýük gatawy üçin ýurt kwotalarynyň ýetmezçiligi ýaly ugurlar bar.