Türkiýe-ÝB Syýasy Dialog maslahaty Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝB bilen gatnaşyklar edarasynyň Başlygy Faruk Kaýmakçynyň we Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylyk etmeginde 3 ýyl aradan soň geçirildi.
Syýasy direktorlar derejesindäki maslahata ÝB-niň Halkara gatnaşyklar gullugynyň Baş Sekretarynyň orunbasary Enrige Mora, ÝB Komissiýasynyň goňşuçylyk syýasaty we agzalyk gepleşikleri boýunça baş müdiriniň wekili Mijiež Popowski, ÝB-niň Türkiýe toparynyň başlygy Nikolaus Meýer-Landrut bilen ÝB-niň ýakary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Faruk Kaýmakçy maslahatyň açylyşynda; “3 ýyl soň Türkiýe-ÝB syýasy direktorlaryň derejesindäki dialog maslahatyny guramakdan diýseň hoşal” diýdi.
Türkiýäniň Ýewropanyň howpsuzlygy, goranyşy, ykdysadyýeti, energiýasy we migrant dolanşygy taýdan “möhüm ýurt” bolup durýandygyny nygtan Kaýmakçy, Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna “adalatly çemeleşilmegine” garaşýandyklaryny we agzalyk tapgyrynyň depgininiň ýokarlandyrylmagy bilen özgertmeler tapgyrynyň depgininiň hem ýokarlajakdygyny nygtady.
ÝB-niň Halkara gatnaşyklar gullugynyň Baş Sekretarynyň orunbasary Enrige Mora bolsa Türkiýäniň ÝB-niň esasy hyzmatdaşydygyny nygtap; “Agyr günleri başdan geçirýäris. Russiýanyň Ukraina hüjümleri dowam edýär we oňa bilelikde garşy durulmaly” diýdi.