14-nji maýda geçirilen Prezident we Parlament saýlawlarynda birinji tapgyrda Halk ýaranlygy mejlisde esasy köplügi eýelän bolsa, Prezident Erdogan 49,5 göterim ses alyp, birinji orny eýelän hem bolsa, 50 göterimlik ses mukdaryny geçmändigi üçin saýlawlar ikinji tapgyra galypdy.
Kemal Kylyçdarogly bolsa 44 göterim ses aldy. İndi ýurt gaýtadan saýlaw geçirer.Bu türk demorkatiýasynyň kämilligi taýdan möhüm görkeziji bolup durýar.
SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji Alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
14-nji maýda birinji tapgyry geçirilen Prezident we parlament saýlawlary birnäçe garaşylmadyk netijäni ýany bilen alyp geldi.Esasanda oppozisiýada we ony goldaýan halkara töwereklerde uly tamalar döredilip, Kemal Kylyçdaroglunyň birinji tapgyrda prezidentlige saýlanjakdygy we Millet ýaranlygynyň hem mejlisde esasy köplügi eýelejekdigi öňe sürülipdi.
Aslyna garalanda ol, düşünje inženerçiligidi we käbir manupulýatiw sowalnamalar bilen hem goldanyp bilinmeýärdi.Emma hakykat iru-giç ýüze çykdy we oppozisiýa birinji tapgyrda Erdogandan we Halk ýaranlygyndan agyr ýeňildi.
Erdogan birinji tapgyrda Kylyçdaroglundan 2,5 milliona barabar köp ses aldy. Ýaranlygy mejlisde esasy köplügi eýelän bolsa, Millet ýaranlygy azlykda galdy we garaýyşlarynyň netijesizdigi ýene-de bir gezek tassyklandy.
Eýsem başdan geçirilen pandemiýa, Ukraina söweşi we soňunda 50 müňden gowrak raýatyň aradan çykmagyna sebäp bolan ýer titreme betbagtçylygyna garamazdan näme üçin şeýle netije ýüze çykd?Ylkinji nobatda Erdogan ähli kynçylyklara garamazdan Kylyçdarogluna garalanda has ynandyryjy lider hökmünde türk hakyna özüni Kabul etdirdi.
Türkiýäniň bar bolan ykdysady meseleleriniň ýene-de diňe Erdogan tarapyndan çözüljekdigi, ýer titremäniň bolan sebitlerindäki gurluşyk we dikeldil işleriniň diňe Erdogan tarapyndan edilip bilinjekdigine bolan ynam bar. Şeýle hem 6 agzaly koalisiýanyň bolmagy, biri-birleri bilen ysnyşykly işleşip bilmezlik düşünjesi, ähli zatdan öň Kylyçdaroglunyň PKK-nyn syýasy wekili HDP bilen eden hyzmatdaşlygy saýlawçylaryň garşylygyna sebäp boldy.
Netijede Erdogan birinji tapgyrda ýeňiş gazanan bolsa, Kylyçdarogly we ýaranlygy agyr ýeňlişe sezewar boldy.Yndi ýurt 28-nji maýda ikinji tapgyr saýlawa gidýär.
Kylyçdarogly milletçi, immigrantlara garşy pozisiýa eýelap, aşa sagçy Ümit Özdag bilen ýaranlyk edip, saýlawçylaryň öňüne çykar. Onuň üçin şol bir wagtda Ümit Özdag aşa sag we HDP deňagramlygyny saklama mejburlygy bar. Birinji tapgyrda 5 göterim ses mukdary bilen öňe saýlanan Sinan Ogan bolsa Erdogany goldajakdygyny beýan etdi.
Erdogan bar bolan syýasatlary dowam etdirýän bolsa, Kylyçdarogly we ýaranlygynyň çaprazlyklaryny görkezip, pozisiýasyny hasam güýçlendirene meňzeýär. Şeýle hem mejlisiň esasy köplügi bilen halkyň öňüne çykýar. Türkiýäniň halky umuman durnuklylyga üns berýändigi üçin, ol hem Erdogan taýdan möhüm ýeňillik bolup durýar.