Türkiye Wýetnama gynanç bildirdi

Türkiye Wýetnama gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi: "Wýetnamda başdan geçirilen tupan" bilen bagly beýannama berdi.

Beýannamada: "Wýetnamda täsirli bolan Ýagi tupany zerarly başdan geçirilen adam pidalary zerarly we bolan maddy ýitgilere çuňňur gynanç bildirýäris. Wýetnamyň halkyna gynanç ýüzlenmelerimizi ýetirýäris" diýip habar berildi.

Wýetnamyň demirgazygyna öz täsirini ýetiren Ýagi tupany sebäpli bolan tebigy apatlarda we heläkçiliklerde 197 adam ýogalypdy.

Wýetnamyň Tebigy apatlaryň öňüni alyş we gözegçilik edarasyndan apat bilen bagly berilen beýanatda, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy, dereksiz ýiten 58 adam üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi we apatyň täsir ýetiren sebitlere azyk kömeginiň ugradyljakdygy habar berilipdi.

Ýurduň demirgazygyndaky kenarýaka şäherlerinde 50 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürilipdi.

Ýene degişli makalalar

Wýetnamda Tupan  Sebäpli Ýogalanlaryň sany 233 Adama Ýetdi
Hytaý we Wýetnam Beýbu aýlagyna 128 million balyk goýberdi
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Koreýa ýüz idegi önümleriniň eksportyny artdyrdy
Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar