Türkiýe we Yrak Harby-Howpsuzlyk Hyzmatdaşlygy Hakynda Ylalaşyga Gol Çekdi

Türkiýe we Yrak Harby-Howpsuzlyk Hyzmatdaşlygy Hakynda Ylalaşyga Gol Çekdi

Hakan Fidan Yragyň Premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen Türkiýe-Yrak Ýokary derejeli Howpsuzlyk mehanizminiň 4-nji maslahatyndan soň ministrlikde geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Fiden ekstremist terror guramasy PKK boýunça Yrakdaky garaýyşyň üýtgändigini aýtdy.

Fidan Türkiýe bilen Yragyň birnäçe wagtdan bäri gepleşikleri dowam edýän harby, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we terrorizme garşy göreş boýunça ähtnama, iki ýurduň goranmak ministrleri tarapyndan gol çekilendigini aýtdy.

Ylalaşykda göz öňünde tutulýan utgaşdyryjy we tälim merkezleri arkaly hyzmatdaşlygyň ýokary derejä göteriljekdigine ynanýandygyny beýan eden Fidan, terrorizme garşy göreş boýunça Yrak bilen ösýän hyzmatdaşlyk düşünjesiniň anyk ädimler bilen iş ýüzüne geçmegini arzuw edýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Yragyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“PKK-nyň Yrakda Iş Alyp Barmagy Bizi Biynjalyk Edýär"
ABŞ Siriýa Terrorçy Ornaşdyrýar