Türkiýe we DKTR bilelikde gözleg we halas ediş türgenleşigini geçirdiler

Türkiýe we DKTR bilelikde gözleg we halas ediş türgenleşigini geçirdiler

Türkiyeden we DKTR-den 250-den gowrak işgäriň, 1 dikuçaryň we 100-den gowrak ulagyň gatnaşmagynda geçirilen türgenleşikde, ýer titreme, ýangyn, ulag heläkçiligi, dagda kyn ýagdaýda galan, meýdanda dereksiz ýiten adamlar we guýularyň gazylmagy ýaly 15 tapawutly ssenariýniň üsti bilen şäher gözlegi, halas ediş, harabalyklaryň aşagynda galan ýaraly adamlary çykarmak, ýaralananlaryň dikuçar bilen ewakuasiýa edilmegi we ýangyn söndürmek ýaly operasiýalar ýerine ýetirildi.

Paýtagt Nikosiýa şäheri başda bolmak bilen 4 aýry etrapda geçirilýän türgenleşik bilen iki ýurduň toparlarynyň koordinasiýalary we tejribe alyşmaklary bilen birlikde DKTR-de bolmagy ähtimal tebigy apat şertlerinde zerur boljak halkara goldawyň ýurda gelişinden çykyşyna çenli tapgyr gözden geçirildi.

AFAD-yň Tebigy apatlara garşy göreş bölüminiň Baş müdüri Ismail Palakoglu Türkiyäniň we DKTR-nyň tebigy apat zolagynyň çäklerinde ýerleşýändigini, şol sebäpli iki ýurduň apatlara garşy taýarlykly bolmagynyň gerekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kipr Adasyndaky Taraplar 15-nji Oktýabrda Duşuşar
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy
Gepleşikleriň Başlamagy Üçin DKTR-nyň Özygtyýarlygy Ykrar Edilmeli
Kipr görülmedik yssyny başdan geçirýär