Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi

Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagynyň üstünde durulyp geçildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýannamada: "Tunisde halkyň ygtyýaryna wekiliçilik edýän Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris. Tunisiň konstitutsiýasyna laýyklykda demokratik kanunyň iň ýakyn wagtda ýaňdandan ýola goýuljakdygyna ynanýarys" diýip bellendi.

Düýn Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, mejlisiň ähli ygtyýarynyň 30 gün möhlet bilen togtadylandygyny, deputatlaryň eldegrilmesizlikleriniň aýrylandygyny habar beripdi.

Kaýs Said Premýer ministri Hişam al-Meşişiniň wezipesinden çetleşdirilendigini we özi tarapyndan bellenjek bir Premýer ministr bilen dolanşygy kabul edip aljakdygyny, galplyk delolaryny ýüze çykarmak maksady bilen ýurdyň Baş Prokurory wezipesini hem öz üstüne alandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
TDG-na agza ýurtlaryň Baş Prokurorlarynyň 3-nji geňeşi geçirildi
Türkmenistanyň üç raýaty iki ýyl bäri Ukrainada sud edilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany