Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar

Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar

Stambulyň Arnawutköý etrabynyň Hadymköý etrapçasynda ýerleşýän bir fermada başlygyny öldürmekde aýyplanýan türkmen raýaty kazyýet jogapkärçiligine çekilýär. Kazyýet diňlenişigi Stambulyň Ikinji agyr jeza kazyýetinde geçirilýär.

Türk metbugatyna görä, türkmenistanly çopan öz işleýän ýeri bolan bir fermanyň eýesini 2,500 lira möçberinde (takmynan 200 dollar) zähmet hakyny wagtynda tölemändigi üçin atyp öldürmekde aýyplanýar. Waka 2021-nji ýylyň 27-nji aprel güni bolupdyr.

“Sözcü” neşirine görä, türk prokurorlary Türkmenistanyň raýaty, 44 ýaşly, Şöhrat Ikramowa fermanyň eýesi Sertaş Ýorgany öldürmekde günä bildirip, onuň Türkiýäniň jenaýat kodeksiniň “bilkastlaýyn adam öldürmek” maddasy boýunça ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini talap edýärler.

“Zähmet hakymy tölemedi.Men hem tüpeňi elime alyp, satmak isledim.Munuň üçin jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigim barada pikir edip, tüpeňi satmakdan el çekdim.Mal ýataga baryp, tüpeňi yzyna goýmak isledim.

Mal ýataga baranymda, mallary atmak barada pikir etdim, ýöne muňa wyždanym razy bolmady.Ol ýeri terk etmekçi boldum, şol wagt Sertaş Ýorgany gördüm.Ol meni görende ýaragyny eline alyp, maňa tarap iki gezek ot açdy.

Ol ýene bir gezek maňa ot açmakçy bolanda, gapdaldaky otaga geçdim, meni atyp bilmedi.Budka ýaly bir ýerde gizlendim.Men gapyny açyp-açmankam ol ýene bir gezek maňa ot açdy, bir ok aýna degdi.

Men şonda arkamdaky tüpeňi elime aldym.Gapydan jyklan wagtym ýene bir gezek ot açdy.Men şol wagt gaçdym, şonuň üçin ol meni atyp bilmedi. “Daş çyk” diýip, gygyrdy. Ýene bir gezek ot açdy.

Men gizlenip oturan ýerimden daşaryk çykman, tüpeň diräp, oňa üç gezek ot açdym. Ýere ýykyldy.Butnamady.Ol ýerde ýatan wagty ýene bir gezek ot açmadym.Onuň telefony ýerde ýatyrdy.

Telefonyny elime aldym, ýöne kodly bolansoň, açyp bilmedim” diýip, “Sözcü” neşiri günä bildirilýän türkmenistanlynyň kazyýetdäki sözlerini sitirleýär.

Kazyýet diňlenişiginde Merhum Sertaş Ýorganyň aýaly Kader Ýorga iki çagasynyň ýetim galandygyny aýdyp, günä bildirilýäniň jenaýata çekilmegini talap etdi.

“Güman edilýän bilen adamymyň arasynda duşmançylygyň bardygyny bilemokdym.Ilkibada adamym güman edilýänden razydy.Soň bolsa, onuň mallara zyýan ýetirýändigini we ony işden çykarmak isleýändigini aýtdy.Wakadan bir hepde ozal, ony işden çykarypdy.

Ferma başga bir işgär alypdy.Wakanyň bolan güni täze işgäriň eli döwüldi.Men şol gün adamym bilen telefonda gürleşenimde, ol muny aýtdy.Ony lukmana äkidip, yzyna gelende tüpeňiniň ogurlanandygyny goňşy Turan bege aýdypdyr.

Soňra bu waka boldy.Güman edilýäne arza-şikaýatym bar.Iki çagam ýetim galdy.Jezalandyrylmagyny isleýärin” diýip, merhumyň aýaly kazyýetden sitirlenýär.

“Sabah” neşirine görä, diňlenişikde kazy Ikramowyň polisiýada ýazan düşündirişi bilen kazyýetde aýdýan zatlarynyň arasynda gapma-garşylygyň bardygyny aýdyp, ot açylandan soňra, ýere ýykylan Sertaş Ýorga ýerde ýatan wagty oňa ot açylyp-açylmandygyny sorapdyr.

Ikramow merhum ýere ýykylanda oňa özüniň ot açmandygyny, ýöne onuň telefonyna ot açandygyny aýdypdyr.

Stambulyň prokuraturasy tarapyndan taýýarlanan aýyplawa görä, başlygyny öldürenden soňra wakanyň bolan ýerini terk eden türkmenistanly polisiýa tarapyndan Siliwride tussag edilipdir.

Şeýle-de, aýyplawa görä, Ikramow, höküm çykarylsa, ömürlik azatlykdan mahrum ediler.

Stambul kazyýeti bar bolan subutnamalary nazarda tutup, deslapky tussaglyň dowam etdirilmegi barada karar çykarypdyr we nobatdaky kazyýet diňlenişiginiň wagtyny yza süýşüripdir.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýitileşen ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurt raýatlary eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da türkmenlerden wagtlaýyn wiza talap etmeýän Türkiýä çykdy.

Türkmenistanyň resmi we ýarym-resmi habar serişdeleri Türkiýedäki türkmenleriň duçar bolýan ykdysady, durmuş we kanunçylyk kynçylyklary barada habar bermeýär.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň noýabryň ahyrynda çap eden hasabatyna görä, Türkiýede ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmenler yraklylardan soň ikinji orunda durýar.

Migrasiýa hasabatyna görä, Türkiýede kanuny ýaşaýyş rugsady bolan 118 müň töweregi türkmenistanly ýaşaýar. Ýöne resmi däl hasabatlar Türkiýedäki kanuny we bikanun migrantlaryň sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk mediasyna syn
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
EUR0 2020-ä badalga berildi
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion