Türkiye Türkmenistandan her ýyl 2 milliard kub metr tebigy gaz satyn alar

Ilkinji tapgyrda ýyllyk 2 milliard kub metr türkmen gazynyň Türkiyä we Ýewropa ýurtlaryna iberilmeginiň üstünde işleýändiklerini aýdan Alparslan Baýraktar, Türkmenistanyň tebigy gaz ammarlama maýa goýum taslamasynda BOTAŞ kärhanasynyň öz tejribelerini paýlaşjakdygyny habar berdi.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanda energetika we magdan ugurlary boýunça köp sanda duşuşyklar geçirdi. Iki ýurduň liderleriniň 1-nji martda gol çeken ylalaşygyň çäginde amala aşyrylan saparyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolsa türkmen gazynyň Türkiyä we Ýewropa ýurtlaryna eksporty boldy.

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar: “Elbetde iň möhüm hyzmatdaşlyk ugry tebigy gaz.Türkmenistan dünýäde tebigy gaz ätiýajy taýdan örän möhüm bir ýurt. Şol sebäpli türkmen tebigy gazynyň diňe gündogara däl, eýsem şol bir wagtda günbatara Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi bilen baglanşykly taslamalaryň üstünde işleýäris.

Barter usuly bilen tiz wagtda ilkinji tapgyrda 2 milliard kub metr tebigy gaz bilen işe başlamak isleýäris” diýip belledi.

Alparslan Baýraktar Hazar deňizinden geçmegi meýilleşdirilen turba geçirijiler arkaly 20 ýylda 300 milliard kub metr tebigy gazyň günbatar bazarlaryna iberilip bilinjekdigini aýan etdi.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar: “Aslyna garanyňda gutarnykly we bolmalysy Hazar deňizinden geçýän turba geçirijiler arkaly, uzak möhletleýin ylalaşyklar bilen bu tebigy gazyň günbatardaky bazarlara ýetirilmegi. Aslyna garanyňda gürrüňi geçen jemi mukdar öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda her ýyl 15 milliard kub metr bilen, takmynan 300 milliard kub metre ýetirmekdir” diýip nygtady.

Energetika ugrunda tehniki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Alparslan Baýraktar, Türkmenistanyň tebigy gaz ammarlama ugrundaky maýa goýum taslamasyna BOTAŞ kärhanasynyň goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar: “Tebigy gaz ammarlama bilen baglanşykly Türkmenistanyň maýa goýum taslamasy bar. Bu babatda BOTAŞ-yň ygtyýarlyklary, infrastrukturasy bar. Türkiyede takmynan 6 milliard kub metr tebigy gaz ammarlama ukyby bar. Ony 2028-nji ýyla çenli 12 milliard kub metre ýetirmegi maksat edinýäris. Şony hem nesip bolsa ol ýere geçirmek isleýäris” diýip habar berdi.

Türkmenistanda magdan we elektrik tok ugrunda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdan Baýraktar, 1998-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän gepleşikleriň ilkinji gezek ylalaşyklar bilen durmuşa geçirilýändigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Türkmenistanda saparda boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Türkiýäniň Ýokary Hili Nebitini Gabarda Öndürmäge Başladyk”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ Türkmen Gazynyň Türkiýä Akdyrylmagyny Goldaýar