Türkiye The Ekonomist žurnalyna reaksiýa bildirdi

The Ekonomist žurnalynyň nobatdaky sanynda çap edilmek üçin özüniň bir makalasynyň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Makalamy yzyna alýaryn. Türkiýäniň içerki işlerine çäksiz goşulýanlar bilen işimiz bolmaz" diýip beýan etdi.

Antalýanyň Alanýa etrabynda beren beýanatynda: "Bular türk milletiniň adyndan karar berýärler ýa-da türk milletine akyl bermäge synanyşýarlar" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Şu gün Türkiye bolmasa Ýewropanyň howpsuzlygy howp astyndadyr. Näme sebäpli bir ýurduň içerki işlerine goşulýarsyňyz? Germaniýa näme sebäpli Ýokary Saýlaw Geňeşinden rugsat alan ýerlerimizde saýlaw uçastogyny açmagymyza rugsat bermedi? Bularyň ählisi goşulmaga synanyşýar" diýip belledi.

The Ekonomist žurnalynyň nobatdaky sanynda çap edilmek üçin özüniň bir makalasynyň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Makalamy yzyna alýaryn. Türkiýäniň içerki işlerine çäksiz goşulýanlar bilen işimiz bolmaz. Emma 14-nji maýda milletimiz bulara jogabyny berer" diýip nygtady.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Günbatar mediasynyň Türkiyä garşy bolmagyna reaksiýa bildirdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem The Ekonomist žurnalynyň Türkiyedäki saýlawlar bilen baglanşykly sözbaşysyna reaksiýa bildirdi.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly iordaniýaly kärdeşi Safadi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi