Ministrligiň beýannamasynda; “26-njy mart gijesi terror guramasy PKK tarapyndan Hannowerdäki Başkonsullygymyzyň gapysyna hüjüm guraldy. Wakada adam pidasy ýa-da ýaralanma bolmady.
Hüjümden soň nemes resmileri bilen aragatnaşyk saklanyp, raýatlarymyzyň we diplomatik wekilhanamyzyň howpsuzlygyndan Germaniýanyň degişli edaralarynyň jogapkärdigi ýatladylyp, Ýewropadaky türk jemagatyna meçew beriji maksatly aksiýalara ýol bermeli däldiklerini beýan edildi.
Gysaja alynan terror guramasy PKK-nyň Ýewropadaky türk jemagatyny biynjalyk etmek maksatly aksiýalarynyň artýandygy görülýär. Raýatlarymyzyň parasatly çemeleşmeleri netijesinde meçew bermeler pajygaly wakalara öwrülmedi.
Degişli ýurtlardan terror ýaranlarynyň aksiýalaryna ýol bermän, hüjümçileriň dessine adaladyň öňüne çykarmagyna garaşýarys” diýilýar.