Türkmen gazyny Transananadoly turbageçirijisi (TANAP) arkaly Anadoly sebitine daşamagyň mümkinçiligi bar. Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý anna güni Aşgabatda geçirilen türkmen-türk Hökümetara ykdysady komissiýasynyň altynjy duşuşygynda mälim etdi.
Türkiýäniň “Anadolu Agency” agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we degişli bölümleriniň ýolbaşçylary hem-de Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Oktaý energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň soňky döwürde energiýa üpjünçiligi howpsuzlygyndaky global näbellilikler bilen has möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Türkiýe, Azerbaýjan we Türkmenistan hyzmatdaşlykda TANAP geçrijisiniň üsti bilen türkmen gazyny Anadola iberip bileris diýip, Fuat Oktaý belledi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministrligi, BOTAŞ türk energiýa kompaniýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni bilen geçirilen gepleşikleriň ýakyn wagtda oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi .
Şeýle hem, Oktaý Türkiýedäki döwlet kompaniýalarynyň Hazar deňzindäki bilelikdäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynda uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmäge gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
TANAP Türkiýäniň çäginden geçýän tebigy gaz geçirijidir. Ol Azerbaýjandaky Şah Deňiz gaz ýatagyny Ýewropa bilen birleşdirýän Günorta gaz geçelgesiniň merkezi bölegidir.