Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý iýun aýy bilen bilelikde 19 million daşary ýurtly syýahatçynyň kabul edilendigini aýtdy.
Antalýada beýannama beren Ersoý; “5 aýlyk görkezijilerde daşary ýurtly syýahatçy sanyna garalanda 14 göterime barabar ösü bardy. İýun aýynda-da ösüş dowam etdi. Biz häzirki wagtda ýylyň 6 aýyny daşary ýurtly syýahatçy sany taýdan 11-12 göterim bilen tamamlarys diýip pikir edýärin” diýdi.
Ministr Ersoý; “Jemi syýahatçy sanynda 2023-nji ýyla görä 5,8 göterim artyşyň bolmagyna garaşýardyk. Häzirki wagtda ondan ýokar. Birinji aýlyk görkezijilere ser salanymyzda mundan soň hem maksada laýyklykda 60 million syýahatça ýeteris” diýdi.