
Şwesiýanyň NATO agzalygy baradaky teswirnama TBMM-niň Baş Assambleýasynda kabul edildi.
Şwesiýanyň NATO agzalygy baradaky teswirnama TBMM-da ara alnyp maslahatlaşyldy.
Teswirnama maslahatyň ahyrynda sese goýdy.
Sese goýulşyga 346 halk deputaty gatnaşdy.
Teswirnama 287 halk deputatynyň “kabul” sesini bermegi bilen kabul edildi
55 halk deputaty “garşy” ses berdi. 4 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.
Türkiýeden soň Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde ünsler Wengriýa gönükdi.
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasydna, TBMM-nyň kararyna kanagatlanma bildirýändigini nygtap, Wengriýanyň hem Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklajakdygyna ynanýandygyny belledi.