Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, 2024-nji ýylyň 2-nji çärýek syýahatçylyk görkezijilerini Atatürk Medeniýet merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýan etdi.
Mehmet Nuri Ersoý täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň Türkiyä dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynyň tiz depginler bilen artandygyny belläp: "Şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 26 million 137 müň syýatçy sany bilen rekord derejä ýetdik. Ýagny 13,9 göterimlik artyş boldy. Pandemiýadan ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende syýahatçy sanynda 23,6 göterimlik artyşyň bardygyny görýäris" diýip beýan etdi.
Türkiyäniň pandemiýadan iň tiz çykmagyň hötdesinden gelen ýurt bolandygyny aýdan Mehmet Nuri Ersoý: "2023-nji ýylda rekorde derejä, ýagny 56 million 694 müň syýahatçy sanyna ýetdik. Şu ýylky maskadymyz bolsa 60 million syýahatçy. Ýagny ýylyň ahyryna çenli tamamyz 5,8 göterimlik artyş.
Ilkinji 6 aýlyk möhlede ser salanymyzda 13,9 göterimlik artyş bar. Ýagny ýylyň ahyry bilen bagly maksatnamamyza laýyklykda ösüş tizligini dowam etdirýäris" diýip habar berdi.