Türkiýe Siriýadaky ähli azlyklary gorar

Türkiýe Siriýadaky ähli azlyklary gorar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiýäniň Siriýadaky ähli azlyklary goramakda ygrarlydygyny aýtdy.

Ankarada geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Fidan, Türkiýäniň nusaýriler, alewiler, ýezidiler we hristianlar bilen bilelikde Siriýadaky azlyklaryň hemaýatkäridigini beýan etdi.

Fidan Türkiýäniň 2012-nji ýyldan bäri 3 milliondan gowrak siriýaly bosguna beren goldawa ünsi çekip, bosgunlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we Siriýada gelejekde ýola goýuljak parahatçylyk üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Siriýadaky gaýtadan dikeldilmegini üçin halkara jemgyýetçiligine goldaw bermegi boýunça çagyryş eden Fidan, Türkiýäniň ýurduň serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmek we DEAŞ-a agzadygy sebäpli tussag edilenler bilen bagly meselelerde iş alyp barmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Türkiyäniň Daşary işler ministri Germaniýa sapar gurar
"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Hakan Fidan Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi