4—6-njy dekabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçiriler.Bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar.
Bu barada 22-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi. /* custom css */ .td_uid_15_6741c62921e66_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c62921e66_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }