Türkiýe Respublikasy Baky Ýaşar

Türkiýe Respublikasy Baky Ýaşar

Gepleşigimiziň bu sanynda 101 ýaşly ýigit, Türkiýe Respublikasy hakynda söhbet etmekçi. Iki asyra golaý uruşlardan, ýeňilişlerden çykmadyk halkyň ilki garaşsyzlygyny, soň bolsa özygtyýarlylygyny gazanyş taryhy hakynda durup geçmek isleýäris. Türkiýe Respublikasy baky ýaşar, çünki diýip, söze başlaýarys.

1-nji Jahan urşunda Beýik Britaniýadan Çanakgala we Kut uruşlarynda üstün çykan hem bolsa, uruşda ýeňilen Osman döwleti taryh sahnasynda düşýär.Döwrüň hökümeti tarapyndan gol goýulan Sewr ylalaşygy bolsa türkleriň müň ýyllyk ýurdunda gula öwrülmegini aňladýar.

Emma kämil ýetişen watan söýer harbylaryň we intellektulyň Mustafa Kemalyň öňbaşçylygynda jemlenip, işe girişmegi bu oýuny bozýar we ýeňilmesiz diýilýän kolonial güýçler Türk azat edijilik söweşinden soň koloniýalaryny birin-birin elden gidirýär.

Azat edijilik söweşimiz ilkinji gününden başlap milli häkimiýet kadasyna laýyklykda alynyp barylýar.Onuň esaslandyryjysy bolsa şübhesiz Mustafa Kemaldyr. “Millediň garaşsyzlygyny, millediň gaýrady we ygtyýary halas eder” diýilýän ýörelge, diňe bir garaşsyzlygy almagy däl, ondan soň hem hökümetde kimiň sözüniň geçjekdigini yglan edýän häsýete eýedir. Şol ugurdaky ilkinji ädimler Erzurum we Siwas kongreslerinde ädilýär.

Mustafa Kemal ilkinji günden başlap garaşsuzlyk hereketini bütin halkyň umumy gymmatlygy hasap edip, kabul ediljek her bir karara milletiň wekilleriniň goşant goşmagyny ýola goýýar.Netijede 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Beýik Millet Mejlisi açylýar we garaşsyzlyk göreşi mejlis tarapyndan gönükdirilýär.

1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda gazanylan beýik ýeňişden soň nobat türk döwletiniň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylyk hukuklaryny kanuny şertlerde ykrar etdirilmegine gelýär.Anadolyny ýarag zory bilen alyp bilmedik Jahan urşunyň ýeňiji döwletleri uly ýeňişe eýe bolan türk milletini stoluň başynda egilşik etdirmegi meýilleşdirýärler. Şol maksada laýyklykda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek ýaraşyk gepleşiklerine Azat edijilik urşuny gönükdiren Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň hökümetiniň ýany bilen iş ýüzünde bolmadyk Stambul hökümetini hem çagyrýarlar.

Antanta döwletleriniň bu göçümine garşy Mejlis kabul eden karary bilen 1922-nji ýylyň 1-nji noýabrynda soltanlygy bes edip, Osman döwletiniň resmi taýdan synandygyny bütin dünýä yglan edýärler.

Türk wekiliýetine Ismet Inönüniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gatnaşan Lozanna maslahaty 1922-nji ýylyň 24-nji iýulynda Lozanna Ýaraşyk şertnamasyna gol çekilmegi bilen gutarýar.Harby ýeňişden soň gazanylan bu diplomatik üstünlik bilen Türkiýe indi halkara arenada laýyk bolan ygtybaryna garaşsyz döwlete öwrülýär.

Nobat iş ýüzünde dowam edýän dolanşygyň adyny goýmaga ýetýär. 1923-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Gahryman Mustafa Kemal; Ismet Inönü, Ali Fuat Jebesoý we Kazym Karabekir ýaly egindeşleriniň gatnaşmagyndaky naharda meşhur; “Jenaplar, ertir Respublikany yglan ederis” sözüni aýdýar.

Ertesi güni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine hödürlenen taslama dabara bilen kabul edilip, Türkiýe Respublikasy resmi taýdan dünýä yglan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Lozanna parahatçylyk şertnamasy bilen bagly ýüzlenme çap etdi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Türk Daşary işler ministri Gresiýanyň adalary ýaraglandyrmakdan ýüz öwürmelidigini belledi
Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi