Türkiýe Paralimpiýa boýunça suwda ýüzmek çempionatynda 5 medala eýe boldy

Türkiýäniň Maýyplar sport federasiýasyndan berilen beýanata görä, Portugaliýanyň Madeýra adasyndaky Madeýra Olimpiýa suwda ýüzmek kompleksinde geçirilen Paralimpiýa boýunça suwda ýüzmek çempionatynda milli türk türgenleri 1 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç jemi 5 medal gazandylar.

Dünýäniň 60 ýurdundan 509 türgeniň gatnaşan çempionatda Sümeýýe Boýajy altyn medala, Sewilaý Öztürk 2 kümüş medala, Koral Berkin Kutlu 2 bürünç medala eýe boldylar.

Çempionatda Elif Ildem 4-nji oruna, Emine Awju bolsa 5-nji oruna mynasyp boldy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan çempionatda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri gutlady.

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Portugaliýanyň Madeýra adasyndaky Madeýra Olimpiýa suwda ýüzmek kompleksinde geçirilen Paralimpiýa boýunça suwda ýüzmek çempionatynda 1 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç medala eýe bolan milli türgenlerimizi gutlaýaryn. Uly zähmet we gaýrat bilen ýurdumyza wekilçilik eden milli türgenlerimize hut öz adymdan we milletimiziň adyndan minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan beren beýanatynda Türkiýäniň baýdagyny we medala eýe bolan milli türgenler Sümeýýe Boýajynyň, Sewilaý Öztürkiň we Koral Berkin Kutlunyň suratlaryny hem paýlaşdy.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly hem sosial media hasaplaryndan beren beýanatlarynda, medala eýe bolan milli türgenleri gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Mustafa Ali Mehmet
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Tatar ýurdunyň dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny aýtdy
Ýer Titremelerinde Pida Bolanlaryň Sany 14 Müň 351 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 18 Müň 342 Adama Ýetdi