Türkiye palestinaly toparlaryň umumy jarnama kabul etmeklerinden hoşal

Türkiye palestinaly toparlaryň umumy jarnama kabul etmeklerinden hoşal

Türkiyäniň daşary işler ministrligi palestinaly syýasy toparlaryň Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde kabul eden umumy jarnamalary barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda palestinalylaryň arasynda ylalaşyk tapgyryna Hytaýyň goşan goşantlarynyň takdyr edilýändigi bellenip: "Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň intensiw ýagdaýda dowam edýän, Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde basyşlaryň has hem artan bu şertlerde, Palestinada syýasy jebisligiň üpjün edilmeginiň ähmiýeti we gyssagy has hem artdy.

Pekinde kabul edilen jarnamada hasaba alynan ädimleriň durmuşa geçirilmegini we Palestinada syýasy jebisligiň üpjün edilmegi bilen bagly eýýäm ençeme wagt bäri ýurdumyzyň hem goşantlary bilen dowam eden tagallalaryň iň gysga wagtda oňyn ýagdaýda netijelenmegine garaşýarys" diýip habar berildi.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mao Ning aralarynda Fetih hereketi we Hamas hem bolan palestinaly toparlaryň Pekinde geçirilen gepleşiklerden soň gol çeken umumy jarnama bilen wagtlaýyn ylalaşyk hökümedini döretmegi niýet edinýändikleri mälim edildi.

Palestinaly 14 toparyň ýokary derejeli wekilleri, 21-nji iýulda başlan ylalaşyk gepleşiklerinden soň, aralaryndaky bölünişigi bes etmegi we agzybirligi döretmegi maksat edinýän "Pekin diýalogy" jarnamasyna gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Kremlden "gorkusy" barada aýdýany dogrumy?
Indoneziýadaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi