Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Palestina meselesinde Türkiýäniň hakykata goldaw berýändigini aýtdy.
Fahrettin Altun, Stambul şäherinde geçirilýän TRT-Ispan dilinde gepleşýän ýurtlaryň 1-nji ýaýlym sammitine we TRT-niň Ispan dilindäki digital habar platformasynyň tanyşdyrlyş çäresine gatnaşdy.
Fahrettin Altun çärede eden çykyşynda ýene-de bir gezek Gazada başdan geçirilýän wakalara ünsi çekdi.
Türkiýäniň alyp barýan adalatly tutumynyň Ysraýyl ýaly erbet niýetli ýurtlary biynjalyk edýändigini aýdan Altun, “Şol erbet niýetliler terror bilen gyrgynçylyk bilen ýalan maglumatlary we kampaniýalary bilen hakykaty ýoýmaga, zulumlaryny artdyrmaga çalyşýar” diýdi.
Ysraýylyň hakykatlary dünýä halk köpçüliligine ýetirmek isleýän žurnalistleri öldürýändigini aýdan Fahrettin Altun “Näme edýändiklerine garamazdan biziň Palestina meselesinde ýerimiz belli. Ýerimiz hakykatyň ýanynda, ýerimiz öldürlen žurnalistleriň ýanynda.Türkiýe, 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, garaşsz we özygtyýarly Palestina döwletiniň gurulmagy üçin tagalla etmäge dowam eder. Şol döwletiň gurulmagy bilen sebitde parahatçylygyň ýola goýuljakdygyna ünsi çekmäge dowam ederis.
Biz hakykat nobatynda we hakykat üçin söweşmäge dowam ederis” diýdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň Ispan dilindäki digital habar platformasynyň hem hakykatlary dünýä halk köpçüligine ýetirmegi maksat edinýändigini we hakykat nobatyny dürli materikler, ýurtlar we jemgyýetler derejesinde dowam etdirjekdigini nygtady.
TRT-niň soňky iki ýylda TRT Fransuzça, 3 dilde ýaýlym berýän TRT Balkan we 4 dilde ýaýlym berýän TRT Afrika digital habar platformalaryny açandygyny ýatladan Altun, täze açylan bu halkara digital habar platformalaryndan 44 milliondan gowrak adamyň peýdalanýandygyny nygtap, “Men şu gün dabaraly ýagdaýda tanyşdyrylýan TRT-niň Ispan dilindäki digital habar platformasynyň hem gysga wagtda ünsleri özüne çekjekdigine ynanýaryn” diýdi.
Fahrettin Altun “TRT Ispan digital habar platformasy Türkiýäniň parahatçylyga we adalata esaslanýan syýasatyny, ýurdumyzyň ykdysady we medeni mümkinçiliklerini dünýä ýurtlaryna tanyşdyrar. Latyn Amerika ýurtlary bilen gurlan dostluk köprülerini has-da berçinleşdirer” diýdi.