Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, hüjümlerde ýogalan adamlaryň ýakynlaryna gynanç, ýaralananlara gyssagly şypa arzuw edildi.
Türkiyäniň, Pakistany terrorizme garşy göreşde goldamakda dowam etjekdigi nygtalan beýanatda, "Pakistanyň Demirgazyk Weziristan sebitinde we Karaçi şäherinde soňky günlerde başdan geçirilen terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys" diýip bellendi.
Pakistanyň günortasynda ýerleşýän Karaçi şäherinde Jinnah halkara howa menziliniň golaýynda Hytaý elektrik kärhanasynyň işgärlerini alyp barýan ulag kerwenine 7-nji oktýabrda bombaly hüjüm guralypdy.
Bulujystan welaýatynda iş alyp barýan separatist Buluç Azatlyk goşuny atly guramanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan hüjümde, daşary ýurtly 3 adamyň ýogalandygy, 17 adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.
Mundan başgada Pakistanyň Owganystan serhedindäki Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Demirgazyk Weziristan etrabynda, 5-nji oktýabrda, Pakistan Talybany söweşijileri bilen bolan çaknyşykda 6 esgeriň ýogalandygy mälim edilipdi.