Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýannama berdi.

Beýannamada hüjümiň berk ýazgarylýandygy, ýogalan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirilip: "Türkiye terrora garşy göreşinde dostlukly we doganlyk Pakistanyň hökümedi we halky bilen doly raýdaşlyk içindedir" diýip habar berildi.

Pakistanyň metbugatyna görä Belujistan welaýatynda gije ýol kesen ýaragly adamlar, awtobuslardaky we ýük ulaglaryndaky ýolagçylary düşürip, resminamalaryna gözegçilik edipdirler we ondan soň olara ot açypdyrlar.

Hüjümde azyndan 23 ýolagçy ýogaldy, 10 ulag hem ýakyldy.

Terrorçylaryň wakada esasan hem Penjap welaýatyndan bolan ýolagçylary öldürendikleri mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Russiýa Ukrainanyň Dron Bilen Hüjüm Gurandygyny Habar Berdi
Pakistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümde 23 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy