Türkiýe Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanamada, Daýkundi welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlara we ýaralananlara gynanç bildirilýändigi ýatladyldy.

Beýannamada hyýanatçylykly hüjüm berk ýazgaryldy.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanamada, “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Daýkundi we Gor welaýatlarynyň serhetlerinde ýerleşýän Karýudal sebitinde şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan Şaýy Hazarlara garşy guralan hüjümde 14 adam ýogalypdy, 4 adam hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne alypdy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Şaýy Hazaralar Nyşana Alyndy
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Russiýa Ukrainanyň Dron Bilen Hüjüm Gurandygyny Habar Berdi
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy