Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder

Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder

Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Ýewropa çempionatyny kabul eder.Has takygy, 2032-nji ýylda Ýewropa çempionaty Türkiýede we Italiýada geçiriler.UEFA-nyň bu baradaky degişli çözgüdi şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen konferensiýadan soň mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde UEFA 2028-nji ýylda geçiriljek yklym birinjiliginiň hem ýer eýelerini resmi ýagdaýda yglan etdi.

Oňa laýyklykda, ÝEWRO — 2028 Beýik Britaniýanyň hem-de Irlandiýanyň ýaşyl meýdançalarynda geçiriler.Giňişleýin aýtsak, 2028-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň oýunlary Belfast, Birmingem, Kardiff, Dublin, Glazgo, Liwerpul, London, Mançester we Nýukasl şäherlerinde bolup geçer.

ÝEWRO — 2032 babatda bolsa heniz şähelreriň ady mälim edilmedi. Ýöne bir zat belli — yklym birinjiligini Türkiýäniň we Italiýanyň hersinden 5 şäher özünde kabul eder. Türkiýe we Italiýa Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin 20 stadiony teklip etdi, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda şolaryň 10-sy UEFA tarapyndan saýlanylyp alnar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewropanyň häzirki çempiony Italiýanyň milli ýygyndysy hasaplanýar. Italiýaly futbolçylar ÝEWRO — 2020-niň finalynda Angliýany ýeňlişe sezewar edipdiler.

ÝEWRO — 2024 bolsa geljek ýyl Germaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler
2023-nji ýylda Ýewrowideniýe Liwerpulda geçer
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)
Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň finalynda Olimpiakos bilen Fiorentina duşuşar
Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň finalynda Olimpiakos bilan Fiorentina duşuşar
Ukraina finala çykdy