Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy

Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy

Türkiye soňky ýyllarda ýadrodan gaýtadan dikeldilýän çeşmelere, tebigy gazdan nebite çenli energiýa pudagynda ägirt uly taslamalary amala aşyrýar.

Türkiyede ilkinji açyş 1940-njy ýylda Batmanyň Raman-1 guýusynda amala aşyryldy.

Soňky döwürde esasanam Gabar başda bolmak bilen Günorta-gündogar Anadoly sebitinde köp sanda açyş amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Türkiyede 6 müňe golaý nebit guýusy bar. Bu guýularyň takmynan 2500-sinden nebit çykarylýar. Häzirki netijelere görä, Türkiýede 1,3 milliard tonna nebit ätiýajy bar.

Magdan we nebit işleri baş müdirligi tarapyndan berilen maglumata görä, gündelik nebit önümçiligi 1999-njy ýylda takmynan 59 müň barrel bolan bolsa, 2020-nji ýylda 64 müň barrele, 2021-nji ýylda 69 müň barrele we 2022-nji ýylda 80 müň barrele ýetdi.

Ankara Gabar dagyndaky nebit ätiýaçlaryndan gaty umytly. 200 million barrel nebit ätiýajynyň bardygy çak edilýän nebitiň bahasy 13 milliard dollara golaý bolar diýip çaklanylýar.

Bu açyş bilen, Türkiyäniň öndürýän nebit gorlary 450 million barrelden 600 million barrele çenli ýokarlandy.

Magdan we nebit işleri baş müdirligi Şehit Aýbüke Ýalçyn ýatagyndaky täze goruň jemi ýerinde nebit ätiýajynyň mukdaryny takmynan 1 milliard barrel, önüdirip bolýan ätiýajynyň mukdaryny bolsa 600 million barrel hökmünde çak edýär.

Türkiye, täze ýataklar bilen birlikde nebit öndürmek maksatlaryny täzeledi. Şoňa laýyklykda günde 100 müň barrele çenli bolan ozalky maksat, indi 200 müň barrele çenli ýokarladyldy.

Gözleg işleri arakesmesiz we ýaýbaňlandyrylan görnüşde dowam edýär. Nebit gözlemek işleri gysga wagtyň içinde 14 welaýatda ýene-de 18 ýatakda başlar.

Şol welaýatlaryň hatarynda Gaziantep, Antalýa, Çanakkale, Şanlyurfa, Zonguldak, Diýarbakyr, Hakkari, Bartyn, Karabük, Kastamonu, Elazyg, Edirne, Kahramanmaraş we Kilis welaýatlary bar.

Şeýle hem, Türkiyäniň täze nebit gorlarynyň daşary yurtlara bolan garaşlylygy we energiýa import fakturasyny azaltjakdygy beyan edilýär. Bu ýagdaý, esasanam energiýada garaşsyz ýurt bolmak taýdan möhüm ähmiýete eýedir.

Türkiye nebit gözleg işlerini diňe gury ýerde däl, deňizde-de dowam etdirýär.

Şol çäkde soňky ýyllarda 4 sany buraw we 2 sany seýsmiki gözleg gämisi işe başlady. Buraw gämileri “Fatih”, “Ýawuz” we “Kanuni” Gara deňizde buraw işlerini geçirýär, Abdülhamid Han bolsa Ortaýer deňzinde seýsmiki gözleglere laýyklykda buraw işlerini amala aşyrýar.

Şu ýyl DKTR-nyň gury ýer we deňiz ygtyýar ýataklary bilen birlikde uglewodorod gözleg we buraw işleri giňeldiler. Gury ýerde we deňizde jemi 250 ýatakda buraw işleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkiyäniň iň uly çykdajy serişdesi "energiýa ..."

Geçen ýyl 2 million 965 müň 664 tonna çig nebit import edildi. Ol bolsa býujet balansyna we gündelik hasap defisitine gönüden-göni täsir ýetirýär.

Nebit önümçiliginiň artmagy bilen Türkiyäniň ilkinji nobatda nebit zerurlyklarynyň 20 göterimini milli baýlyklardan kanagatlandyrmagyna garaşylýar. Onuň bolsa häzirki hasap ýetmezçiligini ep-esli azaldar diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Kolumbiýada Magdan Käninde Partlama Boldy
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar