2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkiýe bilen Müsüriň arasynda Ankarada geçirilen Ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk maslahaty iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli özgerlişigi hem-de kadalaşmany alamatlandyrýar.Maslahatyň ahyrynda 16 ylalaşyga gol çekildi we 36 maddadan ybarat bilelikdäki jarnama çap edildi.
Bu ylalaşyklar we jarnama 10 ýyla ýakyn dowam eden düşnüşmezlik hem-de dartgynlyk döwründen soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gaýtadan kadalaşma tapgyryna geçendigini görkezýär.Esasanda 2013-nji ýylda Müsüriň Prezidenti Muhammed Mursiniň wezipeden çetleşdirilmeginden soň başdan geçirilen dartgynlygyň ortadan aýrylmagy sebitleýin durnuklylyk taýdan möhüm waka hökmünde analiz edilýär.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Dartgynlyk döwri Ankara bilen Kairiň dürli halkara meslelerde biri-birine garşy bäsdeşlik etmegine sebäp boldy.Liwiýa şol bäsdeşligiň iň esasy mysallaryndan biri boldy.Kair Liwiýadaky şertleri deňagramlaşdyrmaga çalyşan bolsa, Türkiýäniň Liwiýadaky pozisiýasyny çäklendirme strategiýasyny kabul etdi.
Beýleki tarapdan Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa çeşmeleri boýunça bäsdeşlik, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam dartgynlaşmagyna sebäp boldy.Türkiýe bu döwürde Liwiýada we Gündogar Ortaýer deňizinde has ygrarly syýasat alyp baryp, Müsüriň garşy göçümlerine jogap berdi. İki ýurt Ýakyn Gündogaryň çylşyrymly we durnuksyz dinamikalarynda ideologik we geosyýasy göreşe girişdi.
Bu tapgyrda ykdysady gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dowam etdiren köpri funksiýasyny ýerine ýetirdi.Ykdysady hyzmatdaşlyklar, diplomatik we howpsuzlyk ugurlaryndaky dialoglar gatnaşyklaryň dolulygyna kesilmeginiň öňüni aldy. 2022-nji ýylda Kataryň paýtagty Dohada geçirilen Dünýä Kubogynda Prezident R.T.Erdogan bilen Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisiniň duşuşmagy iki ýurduň arasyndaky psihiki çäkleriň geçilmegine itergi berdi.
Bu duşuşyk iki ýurduň ilçilerini gaýtadan bellemek hakynda karar kabul etmegine we gatnaşyklaryň kadalaşmagyna şert döretdi.Erdoganyň 2024-nji ýylyň fewralynda Müsüre guran sapary bolsa Türkiýe-Müsür gatnaşyklarynda möhüm öwrülşik nokady boldy.
Özgeren Dinamikalar
Täze döwürde Türkiýe-Müsür gatnaşyklary birnäçe strategik taýdan gaýtadan ugrukdy. 2013-nji ýyla görä Ýakyn Gündogaryň we Demirgazk Afrika sebitiniň strategik şertlerinde möhüm özgerlişikler başdan geçirildi.Arap baharyndan soň ýüze çykan dartgynly şertler esasan üýtgän hem bolsa, iki ýurduň sebitleýin pozisiýalarynda uly tapawutlyklar bar.
Liwiýadaky şertler Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklarda henizem esasy mesele bolmagynda galýar.Müsür Liwiýanyň gündogarynda güýçli harby we diplomatik pozisiýa eýe bolsa, Türkiýe Liwiýanyň günbatarynda möhüm harby we syýasy güýç bolup durýar.
Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky harby we syýasy bäsdeşligiň Liwiýadaky çaknyşygyň çözülmegini kynlaşdyryp biler.Hem Ankara hem-de Kair Liwiýadaky syýasy durnuklylygy we territorial bitewiligi gorap saklamak üçin bilelikde hereket etmelidir.
Gündogar Ortaýer deňizindäki sebitleýin şert hem düýpli özgerdi.Türkiýe harby, ykdysady we syýasy güýç taýdan has kuwwatly pozisiýa eýe boldy.Müsür bolsa energetika geosyýasatynda möhüm pozisiýa eýe.
Ortaýer deňizindäki deňiz ygtyýar giňişligi taýdan iki ýurt hem möhüm pozisiýa eýe.Ysraýyldan daşgary Türkiýe-Müsür gatnaşyklarynyň 2020-nji ýyllarda başlan sebitleýin kadalaşma bilen ugrugan täze çarçuwada täzeden dizaýn edilmegi zerur.
Türkiýäniň Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy, Ankara-Kair gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna itergi berdi.
2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýylyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy pozisiýa Türkiýe bilen Müsüriň arap geosyýasy oazisindäki harby we diplomatik ähtmiýetini hasam güýçlendirdi.Gazadaki çaknyşyk iki ýurt üçin hem serhet howpsuzlygy we gumanitar pajygadan aňyry geçip, milli howpsuzlyk meselesine öwrüldi.
Türkiýe bilen Müsüriň Ysraýylyň hüjümlerini bes etmegi ugrundaky diplomatik tagallalary, iki ýurduň şolbir maksatda birleşmegini üpjün etdi.Gazada urşuň bes edilmegi, durnukly parahatçylygyň yglan edilmegi, ynsanperwer kömeklerinin sebite ýetirilmegi, sebitiň gaýtadan dikeldilmegi we 1967-nji ýyldaky serhetlere esaslanýan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagynyň zerurlygy bilen bagly garaýyş iki ýurduň bir nokatda jebisleşmegini ýola goýýar.
Strartegik çarçuwa
Türkiýe-Müsür gatnaşyklary täze sebitleýin dinamikalaryň şöhlesinde strategik häsýete eýe boldy. İki ýurduň diplomatik gatnaşyklary ykdysady, söwda, howpsuzlyk, goranyş, daşky gurşaw we howa başlangyçlary ýaly ençeme ugurda ösýär. Ykdysady maksatlaryň hatarynda 15 milliard dollarlyk söwda mukdary bar, ol hem iki ýurda ykdysady şertler döredýär.
Hyzmatdaşlygyň zerurlygy
Türkiýäniň Afrika Şahyndaky pozisiýasy hem gatnaşyklar taýdan möhüm strategik faktordyr.Türkiýe Demirgazyk Afrika, Gündogar Afrika we Sahel sebitlerindäki strategik elýeterliligini çuňlaşdyrdy.Müsür esaanda Demirgazyk Afrikadaky we Afrika şahyndaky strategik özbolyşlyklaryny gaýtadan kesgitlemelidir.
Sudandaky içerki uruş, Müsür bilen Efiopiýanyň arasyndaky düşnüşmezlikler we Somali bilen Efiopiýanyň arasynda möwç alýan harby hem-de çaknyşyk howpy Türkiýe-Müsür gatnaşyklaryna strategik taýdan täsir ýetirýär. Şol sebäpli resmi Ankara bilen Kairin Afrika Şahyndaky meseleleri çözmek üçin bilelikde hereket etmegi zerurdyr.
Netijede Türkiýe-Müsür gatnaşyklarynyň täze strategik çarçuwasy iki ýurduň hem seresaply çemeleşmegini, gatnaşyklaryny sebitleýin dartgynlyklardan gorajak mehanizmleri döretmegini we hyzmatdaşlyklaryny konstruktiwleşdirmekleri üçin täze daşary syýasat, howpsuzlyk, goranyş toruny bina etmegini talap edýär. İki ýurduň arasyndaky bu täze döwür hem sebitleýin hem-de halkara derejede strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirer we sebitleýin durnuklylgyň ýola goýulmagyna möhüm goşant goşar. Şol çäkde Türkiýe bilen Müsüriň hyzmatdaşlygy diňe bir özara gatnaşyklaryň däl, şol bir wagtda-da sebitleýin we global durunuklylygyň ýola goýulmagynda-da möhüm pozisiýa eýelemäge dowam eder.