Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Türkiýe Medeniýet ýoly festiwaly hakynda Stambul şäherinde beýannama berdi.
8 aý dowam etjek festiwalyň çäginde 6 müňden gowrak çäre geçirler.
Ministr Ersoý, Medeniýet ýoly festiwalynyň dünýäde deňi-taýynyň ýokdygyny nygtady.
Mehmet Nuri Ersoý “2023-nji ýylda festiwala 34 müň sungat ussady gatnaşdy. Şu ýyl bolsa 40 müň sungat ussadynyň gatnaşmagyny maksat edinýäris”diýdi.
Ministr Ersoý “Şu ýyl Türkiýe Medeniýet ýoly festiwaly aprel aýynyň 13-21-i aralygynda Adanada geçiriljek apelsin gülü karnawaly bilen başlar. Medeniýet festiwaly noýabr aýynyň 2-10-y aralygynda Antalýada geçiriljek çäre bilen tamamlanar” diýdi.