
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Maliniň Gao sebitinde 2021-nji ýylyň 8-nji awgustynda asuda ilatyň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde 50-den gowrak adamyň ýogalandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Guralan bu terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dogan-garyndaşlaryna, Maliniň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris" diýip habar berildi.
Maliniň Ansongo sebitindäki Ouatagouna etrabynda ýerleşýän 4 aýry oba, ýaragly terrorçy toparlaryň hüjümine sezewar galypdy. Hüjümiň netijesinde onlarça adam ýogaldy, köp sanda adam bolsa ýaralandy.