Türkiye Liwandaky Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmäge Başlar

Türkiye Liwandaky Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmäge Başlar

Ministrlikden berilen beýannamada Liwandan gaýtmak üçin ýüz tutan türk raýatlarynyň ertir deňiz ýoly arkaly ewakuasiýa ediljekdigi, şol çäkde Türk deňiz güýçlerine degişli iki gäminiň şu gün Beýruda ugradylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Beýannamada; “Gämilerimiziň jemi 2 müň ýolagçy üçin niýetlenendir. Ewakuasiýa bilen bagly maglumatlar Konsullygymyzyň aragatnaşyk merkezi bilen gatnaşyk saklan raýatlarymyza ýetiriler. Gerek bolan halatynda ewakuasiýa işleri soňky günlerde-de dowam eder. Raýatlarymyzyň ýurdumyza dolanmagy üçin gerek bolan zerurlyklaryň kanagatlandyrylmagy üçin degişli taýýarlyklar görüldi. Ewakuasiýa üçin gitjek gämilerimiz şeýle hem ynsanperwer kömeklerimizi Liwana alyp gider” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Liwandaky türk raýatlaryň ewakuasiýasy dowam edýär
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Ewakuasiýa Edilen 189 Türk Türkiýä Geldi
Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt gözlenýär