Türkiye Liwan bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiye Liwan bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Liwandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň tiz wagtda bozulmagy ähtimallygy sebäpli, galmaklary mejbur bolmaýan türk raýatlarynyň dowam edýän uçar saparlary bilen bu ýurtdan çykmaklary barada çagyryş berdi.

Raýatlaryň mejbur bolmadyklary saýyn Liwana syýahat etmekden saklanmaklary islenen beýanatda, Liwanda galan türk raýatlarynyň bolsa hüşgär bolmaklary barada çagyryş berildi.

Beýanatda: "Soňky maglumatlary ministrligimiziň we Türkiyäniň Beýrutdaky ilçhanasynyň resmi internet saýtyndan we sosial media ulgamlaryndan gözegçilik etmek peýdaly bolar. Adatdan daşary ýagdaýlarda Türkiyäniň Beýrut şäherindäki ilçihanasyna aşakda ýazylan telefon belgilere jaň edip bilersiňiz:

+961 3 944 904 / +961 70 622 012" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna hüjüm gurady
Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň daşary işler ministri Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy