
Izmir şäherindäki Gürsel Aksel stadionynda geçiriljek duşuşygyň baş emin agzasy Fransiýanyň Futbol federasiýasyndan zenan Steffani Frappar bolar.
Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlajak duşuşyk, TRT 1, TRT Radio, TRT Izle we trtspor.com.tr-den göni ýaýlym arkaly görkeziler.
Toparyndaky ilkinji duşuşygynda Farer adalaryny 4-0 hasabynda, 2-nji duşuşgynda Litwany 6-0 hasabynda we 3-nji duşuşgynda Lýuksemburgy 2-0 hasabynda ýeňen Türkiýäniň milli futbol ýygyndysynyň 9 baly bar.
Litwanyň ýygyndysynyň bolsa entek baly ýok.
Toparyň beýleki duşuşgynda bolsa Lýuksemburg Farer adalary bilen oýnar.