
Türkiýe, Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda BMG-nyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň ulag kerwenine guralan hüjümi berk ýazgaryp hüjümde ýogalanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda ýerleşýän Goma şäherinde BMG-na degişli ulag kerwenine guralan hüjümde, Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky ilçi Attanasio bilen janpenasynyň we ulag sürüjisiniň ýogalmagyna uly gynanç bildirildi.
Beýannamada, “Hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Dost ýurt Italiýanyň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.
Kongo Demokratik Respublikasynda düýn ýerli wagt bilen 10.00 töweregi BMG-nyň ulag kerwenine guralan hüjümde 2017-nji ýyldan bäri Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýän 43 ýaşyndaky Attanasio bilen janpenasy we ulag kerweniniň sürüjüsi ýogalypdy.