Türkiýe kofäni 146 ýurda eksport edýär

Türkiýe kofäni 146 ýurda eksport edýär

Türkiýe kofäni dünýäniň 146 ýurduna eksport edýär, soňky bäş ýylda bu önümiň daşary ýurtlara satuwy üç essa golaý artdy diýip, ýurduň Statistika edarasyna (TÜİK) salgylanýan Trend.az habar berdi.

TÜİK-niň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkiýeden kofäniň umumy bahasy 57 million 491 müň dollara deň bolan 8 müň 652 tonnasy eksport edildi.

Türk kofesine, esasan, Siriýa, Belarus we Russiýa isleg bildirýär.

Kofäniň özi bilen birlikde eksport edijiler misden edilen kofe gaýnadylýan gaplaryň eksportyna hem uly üns berýärler, sebäbi olar kofäni türkçe taýýarlamakda möhüm serişdeler bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi
Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 25 esse ýokarlandy
Türkiyede işsizlik görkezijileri azalýar
2 aýda 12 müň türkmenistanly Özbegistana baryp gördi
Türkiyede işsizlik görkezijileri peselýär
Albaniýanyň ilaty azaldy
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 102-nji mejlisine gatnaşdy