Türkiýe, Ilat Sany Taýdan 18-nji Orny Eýeledi

Türkiýe, Ilat Sany Taýdan 18-nji Orny Eýeledi

Türkiýe, 85 million 279 müň 553 adamlyk ilaty bilen 194 ýurduň hatarynda 18-nji orny eýeledi.

Dünýäniň ilatynyň 1996-njy ýylda 6 milliard, 2011-nji ýylda 7 milliard we 2022-nji ýylda hem 8 milliarda ýetendigi çaklanylýar.

BMG-nyň ilat çaklamasyna görä, 2022-nji ýylda Hytaý 1 milliard 425 million 887 müň 337 adam bilen dünýäde 1-nji, 1 milliard 417 million 173 müň 173 adam bilen Hindistan 2-nji, 338 million 289 müň 857 adam bilen ABŞ 3-nji orny eýeledi.

Ýokarda ady agzalýan 3 ýurt dünýäniň ilatynyň 39,9 göterimini emele getirdi.

Türkiýe 85 million 279 müň 553 adam bilen 194 ýurduň hatarynda 18-nji orny eýeledi.

Türkiýedäki çagalaryň sany 26,5, ýaşlaryň sany 15,1 we ýaşularyň sany 9,9 göterim hökmünde bellige alyndy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär
Türkiýe, Dünýäde Bal Önümçiliginde 2-nji Orny Eýeleýär
Hytaý Türkiýäniň Sebitleýin we Halkara Arenada Güýçli Pozisiýa Eýelemegini Goldaýar
Ýaş Woleýbolçylar Ýewropa Çempionadynda Ikinji Orny Eýeledi
“Türkiýäniň F-16 Uçarlaryna Eýe Bolmagy ABŞ we NATO Taýdan Bähbitli”
Ýufus Jan Zeýbek Altyn Kemeriň Eýesi Boldy