Türkiye Hamasyň Lideri Ismail Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy

Türkiye Hamasyň Lideri Ismail Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Ismail Heniýýeniň Tähranda guralan hyýanatçylykly hüjümde öldürilmegini näletleýäris” diýildi.

Beýannamada, “Ysraýylda Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümet parahatçylyk islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Bu hüjüm, Gazadaky söweşiň tutuş sebite ýaýramagyna sebäp bolup biler. Halkara jemgyýetçiligi Ysraýyla garşy gyssagly herekete geçmän halatynda sebitimiz has uly çaknyşyklara sezewar bolup biler” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Öz watanlarynda, öz döwletlerinde asuda ýagdaýda ýaşamak üçin Heniýýe ýaly ýüz müňlerçe raýaty şehit bolan palestin halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň palestin halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan: "Netanýahu ABŞ-ny zamun aldy" diýdi
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Prezident Erdogan ABŞ-ly kärdeşi Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär