Türkiýe Gwineýadaky harby agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýe Gwineýadaky harby agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Gwineýada başdan geçirilen harby agdarlyşygy we ýurdyň Prezidenti Alfa Kondeniň tussag edilmegini ýazgarýarys we hadysalara alada bildirýäris" diýip habar berildi.

"Türkiýe saýlaw esasynda häkimiýetiň başyna gelen hökümetleriň bikanun ýollar bilen çalşylmagyna garşydyr" diýip bellenen beýanatda, dostlukly we doganlyk Gwineýada konstitutsion düzgüniň iň gysga wagtda dikeldilmegi, Prezident Alfa Kondeniň tiz wagtda azat edilmegi baradaky tamalar nygtalyp geçildi.

Beýanatda: "Türkiýede başyndan geçirýän bu kyn we tankydy döwürde dostlykly we doganlyk Gwineýanyň ýanynda bolar" diýip mälim edildi.

Gwineýanyň paýtagty Konakri şäheriniň Prezidentiň Köşgi Sekoutoureýa we hökümet binalarynyň ýerleşýän Kaloum etrapçasynda düýn irden ýaraglaryň sesleri eşidilipdi.

Wakadan birnäçe sagat soň Ýöriteleşdirilen harby toparyň ofiseri polkownik Mamady Doumbouýanyň häkimiýeti ele geçirendikleri baradaky wideo sosial mediada paýlaşylypdy, şol wagt ýurdyň Prezidenti Alfa Kondeniň hem esgerler tarapyndan saklanmagy bilen bagly wideo material hem paýlaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Gwineýadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Diller dostluk köprüsi
OPEC döredildi
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Stambul syýahatçylaryň sany boýunça soňky 10 ýylyň rekordyny täzeledi
ÝUNESKO-dan çagyryş: Öýjükli telefonlar mekdeplerde gadagan edilmeli