Paýtagt Tibiliside Türkiýäniň goldaw bermeginde iş ýüzüne geçirilen iki taslamanyň açylyş dabarasy boldy.
Açylan taslamalardan biri Tibilisiniň milli rehabilitasiýa-Adaptasiýa merkeziniň köpugurly bejergi bölümi.
TİKA tarapyndan durky tazelenen we enjam üpjünçiligi berilen taslamanyň açylyşyna TİKA-nyň Başlygy Serkan Kaýalar gatnaşdy.
Açylyşa Türkiýäniň Gruziýadaky İloçisi Fatma Jeren Ýazgan bilen Gruziýanyň Goranmak ministriniň birinji orunbasary Lela Çikowani hem gatnaşdy.
İkinji taslama bolsa Aşyk Kamandar Efendiýewiň öý muzeýi.
Kaýalar we türk wekiliýeti Tibilisiniň golaýyndaky Kepenekçi obasyna baryp, abatlaýyş, dikeldiş we ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyryş işleri TİKA tarapyndan amala aşyrylan Öý muzeýini açdy.
Dabara TİKA-nyň Başlygy Kaýalar, Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Anar Kerimow, Gruziýanyň Medeniýet, sport we ýaşlar ministriniň birinji orunbasary Kaha Siharulidze, İlçi Ýazgar gatnaşdy.