Türkiýe, Gresiýanyň  Goranmak Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi

Türkiýe, Gresiýanyň  Goranmak Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi

Milli Goranmak ministrligi, Gresiýanyň Premýer-ministri Nikos Dendiasyň Kipr türkleri we Türk ýaragly güýçleri hakynda aýdan sözlerine berk garşylyk görkezdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Nikos Dendiasyň, Kipr türklerini we gahryman Türk ýaragly güýçleri hakynda aýdan ýalan we ýalňyş sözleri berk ýazgaryldy.

Beýannamada, “Gahryman türk goşuny, Türkiýäniň halkara şertnamalara esaslanýan hemaýatkärlik hukugyna laýyklykda herekete geçdi we 1963-1974-nji ýyllaryň arasynda grek tarapy tarapyndan uly zuluma sezewar bolan Kipr türk halkyny genosit gynanşygyndan halas etdi.

Türk esgerleriniň barlygy sebäpli 1974-nji ýyldan bäri Kiprde gan dökülmedi. Gresiýanyň Kipriň grek böleginiň halkyna edýän huntaçy basyşy ortadan aýryldy we Gresiýadaky harby ulgam ýykylyp demokratiýa goýla goýuldy.

Türk esgeri, düýn bolşy ýaly şu gün we gelejekde Kiprde parahatçylygyň we durnuklylygyň kepilnamasy bolmaga dowam eder.

Gresiýanyň Goranmak ministrine, iki ýurduň liderleri tarapyndan goldanýan we Türkiýe bilen Gresiýanyň arasndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýän oňyn atmosfera zeper ýetirmekden ýüz öwürmegi üçin çagyryş berýäris.

Jenap Dendiasyň, türk we grek halkynyň arasynda düşnüşmezlik emele getirip syýasy gelejegini dowam etdirmek tagallasy netije bermez” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy
Has köp syýahatçy kabul eder
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kipr Adasyndaky Taraplar 15-nji Oktýabrda Duşuşar