Türkiye Gresiýa reaksiýa bildirdi

Türkiye Gresiýa reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň 16-17-nji aprel aralygynda Afiny şäherinde geçiriljek "Okenalarymyz" atly konferensiýasynda biri Ege deňizinde, beýlekisi Ioniýa deňzinde bolmak bilen jemi 2 sany Deňiz parkyny yglan etjekdigi baradaky beýanatyna ünsler çekilip: "Gresiýanyň eýýäm ençeme wagt bäri Egeý meseleleriniň çäginde ähli platformalardan peýdalanmaga synanyşýandygy mälimdir.

Gatnaşyklarymyzda soňky wagtlarda ýumşaýandygyna garamazdan, Gresiýanyň bu gezek bolsa daşky gurşaw meseleleri bilen bagly meselelerden peýdalanmaga synanyşýandygy görüldi.Gresiýa Egeý meselelerini we özygtyýarlylygy halkara şertnamalary bilen Gresiýa berilmedik käbir adalaryň, kiçijek adajyklaryň we gaýalaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri öz gün tertibiniň çäginde ulanmazlygyny maslahat berýäris" diýip habar berildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde 3-nji taraplara: "Gresiýanyň daşky gurşaw programmalary bilen bagly syýasy göçümlerine" gural bolmazlyklary barada duýduryş berilen beýanatda, halkara deňiz kanunçylygynyň, ýapyk ýa-da ýarym ýapyk deňizlerde kenarýaka döwletleriň arasynda daşky gurşaw meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlygy höweslendirýändigi we Türkiyäniň Egeý deňzinde Gresiýa bilen hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Salehi: Iň ösen rak keselini bejermek merkezi ýakyn wagtda Eýranda açylar
Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy
“Hyundai” täze elektroulagyny tanyşdyrdy
Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy
Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi