
Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy yzly yzyna ikinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.
Ruminiýada geçirlen 2024 Ýewropa Göreş çempionadynda iki altyn, üç kümüş we bir bürünç medal alan Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy, yzly yzyna ikinji gezek çempion boldy.
Çempionadyň grek-rim göreşi boýunça bäsleşikleri tamamlandy.
Türkiýe çempionatda grek-rim göreşi boýunça 72 kilogram agyrlykda Selçuk Jan we 82 kilogram agyrlykda Alperen Berber altyn medal aldy.
Geçen ýyl Horwatiýada geçirlen Ýewropa çempionatynda hem çempion bolan Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy taryhynda ilkinji gezek yzly yzyna ikinji gezek çempion boldy.