Türkiye Germaniýa gynanç bildirdi

Türkiye Germaniýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Germaniýanyň Bawariýa welaýatynyň Mýunhen şäherinde guralan we bilkastlaýyn hüjümdigi çak edilýän hadysa çuňňur gynanç bildirýäris. Ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Beýanatda hüjümiň sebäbiniň iň tiz wagtda anyklanmagyna we jogapkär bolmagy ähtimal adamlaryň jogapkärçilige çekiljekdigine umyt bildirildi.

Mýunhen şäherinde düýn sürüjileriň biriniň ulagyny Werdi atly kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň demonstrasiýa geçirýän mahallary üstüne sürmegi netijesinde 28 adam ýaralanypdy. Wakadan soň ulagy ulanan 24 ýaşyndaky owgan bosgun göz tussaglygyna alynypdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols wakany "elhenç bir hüjüm" hökmünde häsýetlendirip: "Bu ýerde bir owgan jenaýatçysy adamlary agyr ýagdaýda ýaralady. Bu çydamlylyk we kabul etjek zadymyz däldir" diýip belläpdi.

Bawariýanyň Içeri işler ministri Ioahim Herrmann göz tussaglygyna alynan sürüjiniň neşe we ogurlyk ýaly jenaýatlaryna goşulandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Borussiýa ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda PSŽ toparyny ýeňdi
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Borussiýa PSŽ toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy
Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary