Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türkiye bilen Gazagystanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Maslahata Türkiyäniň daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz we Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Alibek Bakaýew ýolbaşçylyk etdiler.
Maslahatda taraplar tapawutly ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklary ele alan taraplar, söwda, ykdysadyýet, maýa goýum, medeniýet we ynsanperwer ugurlardaky mümkinçikleri maslahatlaşdylar. Türk tarapy Gazagystanyň oba hojalyk pudagyndaky uly taslamalara maý goýmaga gyzyklanýandygyny beýan etdi.
Taraplar halkara we sebit gün tertibindäki häzirki meseleler boýunça pikir alyşdylar we ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) çäginde dowam etdirjekdigini ýene bir gezek tassykladylar.
Maslahatda taraplar Gazagystan bilen Türkiyäniň arasynda taryhy doganlyk we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda giňeldilen strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.