ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýyl-Hizbullah krizisiniň ýaraşygy ugrunda edilen ädimler bilen bilelikde ähli ünsleriň Gazada jemlenjekdigini beýan etdi.
Jo Baýden: "Öňümizdäki günlerde Gazada ylalaşygyň ýola goýulmagy üçin Türkiye, Katar, Müsür we ABŞ döwletleri bilelikde tagalla ederler" diýip mälim etdi.
Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda ýola goýulan ýaraşyk ylalaşygy ýerli wagt bilen sagat 04:00-da güýje girdi.