Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Türkiyeden Gaza derman we lukmançylyk enjamlaryny alyp giden, düzüminde şeýle hem 20 hünärmen lukman bolan Prezidente degişli uçar, Müsüriň paýtagty Kair şäherine bardy.
Aralarynda Saglygy goraýyş ministrliginiň resmileri hem bolan 20 adamdan ybarat topar, Müsüriň Saglygy goraýyş ministrliginiň orunbasary we beýleki resmiler bilen duşuşyk geçirip, Gaza saglygy goraýyş boýunça beriljek kömekleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja düýn sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Gaza saglyk goraýyş boýunça kömek alyp gitjek uçarymyz ýola çykdy. Türkiyeden Gaza derman we lukmançylyk enjamlaryny daşaýan, düzüminde şeýle hem 20 hünärmen lukman bolan Prezidente degişli uçar, Müsüriň paýtagty Kair şäherine gitdi" diýip habar berdi.
Beýleki tarapdan bolsa Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Gaza üçin taýarlanan we aglabasy lukmançylyk enjamlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömek ýüklerini daşaýan Türkiyäniň Harby-howa güýçlerine degişli 2 uçaryň Müsüre tarap ýola çykandygy habar berildi.
Beýanatda sebite ynsanperwer kömek ugratmak üçin 4 aýry uçar saparyň meýilleşdirilýändigi, taýarlanan 2 uçaryň Ankara şäheriniň Etimesgut etrabyndaky 11-nji Howa transportynyň esasy bazasyndan Müsüre tarap ýola çykandygy mälim edildi.
Beýanatda beýleki uçarlaryň taýarlyklarynyň dowam edýändigi, taýar bolanyndan soň Müsüre tarap hereket etjekdigi aýan edildi.