Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen beýannamada Ysraýylyň 6-njy maýda Rafah gümrük geçelgesini ele geçirmeginden bäri çäkli mukdarda ynsanperwer kömek konteýneriniň geçmegine rugsat bermegi sebäpli Gazada ilatyň tas ählisi açlyk we ölüm howpy bilen göreşýändigini nygtaldy.
Gaza ynsanpwer kömegini ýetirilmeginde çekilýän kynçyklaryna üns çekilen beýannamada; “Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti gury azyk, günebakar ýagy, konserwe balyk ýaly 16 görnüşli önümden ybarat 20 müň adam üçin niýetlenen azyk gutusyny Han Ýunusda zururlyk çekýän ilata ýetirmäge başlady” diýilýär.
Beýannamada ynsanperwer kömeginiň Gaza ýetirilmeginde Palestinanyň, Müsüriň we İordaniýanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetleri bilen utgaşykly işleşen Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň sebite gara ýoly bilen ynsanpwer kömegini ýetirmek üçin hem taýýarlyk işleriniň dowam edýändigi habar berildi.